SPORT

“Real Madrid” Mbappe üçin resmi teklip etdi

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň düzüminde çykyş edýän Kilian Mbappeni satyn almak üçin ilkinji resmi teklibini etdi. Bu barada “Goal.com” neşiri habar berýär.

Ispaniýanyň şa topary ösüp gelýän ýaş ýyldyz üçin 160 million ýewro teklip etdi. Ispan topary fransuz toparyna resmi teklip edip, futbolçynyň daş-töweregindäkiler bilen gepleşikler geçirmäge rugsat sorady.

Beýleki mutbugat neşirleriniň bellemegine görä, “PSŽ” toparynyň öz futbolçysyny teklip edilen bahadan stmaga razyçylyk bermändigi mälim edildi. Fransuz topary futbolçynyň transferi üçin nyrhyň ýokarlandyrmagyny isleýär.

“Real Madrid” topary koronawirus ýokanjy sebäpli maliýe kynçylyklara sezewar bolandygyna garamazdan, Mbappeni satyn almak üçin tagallalaryny dowam etdirýär. Toparyň ýolbaşçysy Florentina Peresiň hut özi gepleşiklere gatnaşýar.

Mbappeniň şertnamasynyň möhleti 2022-nji ýylda tamamlanýar. Häzirki wagtda fransuz futbolçy topary bilen şertnamanyň möhletini uzaltmak barada gepleşikler geçirmedi.

Mbappe şu möwsümde hem öz toparynda galan ýagdaýynda, 1-nji ýanwardan Mbappe bilen ony mugt transfer etmek üçin gepleşikler geçirip biler. Futbolçy şertnamasynyň möhletini uzaltmadyk halatynda erkin bolup galar we garşydaş toparyň oňa hödürlejek ýyllyk zähmet haky we beýleki mümkinçilikleri futbolçynyň bu toparyna geçmeginde möhüm orun eýeleýär.

 

25-nji awgustda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”