Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek we bermek we raýatlary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak we ýazgydan çykarmak barada Permana gol çekti. Bu Permanda hususanda şeýle diýilýär:
- Türkmenistanyň raýatyna Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek, bermek we olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak we ýazgydan çykarmak wezipelerini Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň edaralarynyň üstüne ýüklemeli,
- Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi kanunçylyga laýyklykda Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny 7 iş günüň dowamynda resmileşdirmeli we dabaraly ýagdaýda berilmegini, Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alynmagyny we ýazgydan çykarylmagyny, Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň blanklarynyň we pasport ulgamyna degişli beýleki resmi kagyzlaryň taýýarlanmagyny üpjün etmeli
Permany dolulygyna Size ýetirýäris
«Migrasiýa hakynda» hem-de «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna pasportlary resmileşdirmegiň we bermegiň, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almagyň hem-de ýazgydan çykarmagyň tertibini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek, bermek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak wezipelerini Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklemeli.
2. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi kanunçylyga laýyklykda:
1) Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň ýedi iş gününiň dowamynda resmileşdirilmegini we dabaraly ýagdaýda berilmegini;
2) Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alynmagyny hem-de ýazgydan çykarylmagyny;
3) Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň blanklarynyň we pasport ulgamyna degişli beýleki resmi kagyzlaryň taýýarlanylmagyny üpjün etmeli.
3. Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek, bermek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak meselelerine garalan wagty kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün etmeli.
4. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, beýleki ähli edaralar, kärhanalar we guramalar zerur maglumatlaryň Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň görkezilmegi bilen tassyklanyp bilinjek ýagdaýynda, raýatlardan dürli delil hatlarynyň talap edilmegini aradan aýyrmaly.
5. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
6. «Türkmenistanda pasport ulgamyny kämilleşdirmek baradaky çäreler hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 4-nji maýynda çykaran 3103-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2000-nji ýyldaky 5-nji ýygyndysynyň 245-nji maddasy) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 2-nji sentýabry.
Habary Rus dilinde dolulygyna okamak üçin gök ýazylan ýere basyň!
Указ о совершенствовании паспортной системы
Türkmen gyz- gelinleri:Edepli-ekramly mylaýymzada
Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!
Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!
Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy
Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!