DÜNÝÄ

Raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzdan gelýän hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Soňky  ýyllarda  ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlaryň müňlerçesiniň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi ynsanperwerlige esaslanýan döwlet syýasatymyzyň iş ýüzünde dabaralanmasydyr. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Türkmenistanyň raýatsyzlygy azaltmak boýunça döwlet syýasaty we bu ugurda alyp barýan asylly we nusgalyk başlangyçlary dünýäniň abraýly halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde ýurdumyz dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşyp, bu ugurda köpsanly halkara şertnamalaryna we konwensiýalaryna goşuldy.

Hemişelik Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda däp bolan ynsanperwer ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany esasynda 2580 raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi, şeýle hem milli Liderimiziň degişli Karary bilen 874 daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnama berilmegi hemişelik bitaraplyk ýörelegelerine gyşarnyksyz eýerýän ýurdumyzyň ynsanperwer ulgamda durmuşa geçirýän nusgalyk işleriniň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Putin we Pezeşkian Aşgabatda duşuşdy

Türkmenistan çagalaryň saglygyny goramak üçin ählumumy halkara hyzmatdaşlyk guralyny döretmegi teklip etdi

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Kataryň döwlet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Premýer-ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

Azerbaýjanyň Premýer-ministr Ali Asadow Aşgabada geler