SPORT

Ramos “Real”-dan gidýär

Dünýäniň iň güýçli toparlarynyň biri hasaplanýan Ispaniýanyň “Real Madrid” topary düzümindäki iň güýçli futbolçyny, ýagny goragçy Sergio Ramosyň gidýändigini mälim etdi. Şu gün toparyň ýolbaşçysy Florentino Peresiň gatnaşmagynda Ramos bilen hoşlaşyk metbugat ýygnagy geçiriler.
Şeýlelikde, Ramos bilen “Real” toparynyň arasynda täze şertnama baglaşmak babatda ylalaşyk gazanylmady.
Ispan futbolçy bu toparyň düzüminde 2005-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýärdi. Ol “Realyň” düzüminde 5 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, Çempionlar ligasynyň kubogyny 4 gezek gazandy. Şeýle hem ol Ispaniýanyň Superkubogyny hem 4 gezek gazandy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/yewro-2020-italiya-indiki-tapgyra-cykdy/

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi