DÜNÝÄ

Putine “Belarus” kysymly traktor sowgat edildi

Şu gün Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa baran Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine 70 ýaş ýubileýi mynasybetli “Belarus” kysymly traktor sowgat berdi.

Žurnalistler Belarusyň Prezidentinden “Eger syr däl bolsa, nähili sowgat getirdiňiz” diýip soradylar.

Ol hem “Traktor” diýip jogap berdi.

Belarusyň Prezidenti “Belarus” markaly iň gowy traktory getirendigini belledi.

Ýene-de okaň

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk

Günorta Koreýanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini gurnadylar

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi