DÜNÝÄ

Putinden we Trampdan gutlag haty: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýäris

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dünýäniň ençeme döwletiň ýolbaşçylaryndan gutlag hatlary gelýär. Bu gutlag hatlarynda döwlet ýolbaşçylary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändiklerini belläp geçýärler.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen bir hatarda Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň we beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylary Türkmen Liderine gutlag hatlaryny iberdiler.

Şeýle hem Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta II hem-de Iki mukaddesligiň hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman Ben Abdel Aziz Al Saud hem milli Liderimize öz gutlaglaryny iberipdir.

PUTIN: TÜRKMENISTAN BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYGA ÄHMIÝET BERÝÄRIS

Hususan-da, Russiýanyň Prezidenti öz gutlagynda: “Siziň ýurduňyz durmuş-ykdysady taýdan ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Aşgabat Bitaraplyk syýasatyna eýerip, Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge uly goşant goşýar. Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýäris. Dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy, şeýle hem halkara howpsuzlygynyň wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmekde oňyn özara hereketleri bilelikdäki tagallalarymyz bilen mundan beýläk-de işjeň ösdürjekdigimize ynanýaryn. Munuň biziň dostlukly halklarymyzyň düýpli bähbitlerine kybap gelýändigi gürrüňsizdir” diýip bellenýär.

TRAMP: ABŞ TÜRKMENISTANYŇ HYZMATDAŞYDYR

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bolsa gutlag hatynda: “30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar, Siziň ýurduňyzyň özbaşdaklygyny, Garaşsyzlygyny we çäk bütewüligini goldap, biz bu däpleri geljekde-de dowam ederis. Türkmenistan Merkezi we Günorta Aziýanyň gülläp ösmeginde, energetika howpsuzlygy we ulag ulgamlarynda möhüm orun eýeleýär. Parahatçylyk işlerine eýermekde Sizi we Siziň ýurduňyzy doly goldaýaryn hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna umyt edýärin” diýip bellenilip geçilipdir.

SZINPIN: HYTAÝ-TÜRKMEN GATNAŞYKLARYNYŇ ÖSDÜRILMEGINE ULY ÜNS BERÝÄRIN

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin öz gutlagynda hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýändigini, ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostluga uly sarp goýýandygyny, ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegi hem-de ony iki ýurduň we halklarymyzyň bähbidine täze derejä çykarmak üçin Türkmen Lideri bilen bilelikde tagallalary etmäge taýýardygyny belläp geçipdir.

Bulary hem okaň

Rejep Taýyp Ärdogan: Türkmenistana saparymy amala aşyryp bolar

Türkmenistan Garaşsyzlyk toýuny toýlaýar

Hormatly Prezidentimize ahalteke bedewi sowgat edildi

Garaşsyzlyk baýramy: Dabaraly harby ýöriş geçirildi

 

Türkmenistan’da Bağımsızlık Bayramı coşkusu

Ýene-de okaň

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler