JEMGYÝET

Putin we Szinpin Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir we Siz onuň ösdürilmegine uly goşant goşýarsyňyz. Biz dostlukly halklarymyzyň hem-de Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn we halkara meseleler boýunça bilelikdäki işimizi dowam etdireris.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly mertebedir.

Siz ýakynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hem-de Ikinji  jahan urşunda hytaý halkynyň gazanan ýeňşiniň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaýa sapary amala aşyrdyňyz. Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda biz dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdyk hem-de ylalaşyklary gazandyk. Bu bolsa ýurtlarymyzyň arasynda däp bolan dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ugurlaryny kesgitledi. Men hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýärin hem-de biziň halklarymyzyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigini” gurmagy ilerletmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele boljak saparyna taýýarlyk görülýär

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy