DÜNÝÄ

Putin: Russiýany ykdysadyýetde Ýewropada 1-nji orunda goýýarlar

Russiýany ykdysadyýetiniň möçberi boýunça Ýewropa 1-nji, dünýäde 4-nji orunda goýýarlar. Ýöne bu görkezijiler bilen ösüş depginini peseltmek bolmaýar. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin göni ýaýlymda 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan uly metbugat duşuşygynda belläp geçdi.

– Halkara maliýe-ykdysady guramalar Russiýany ykdysadyýetiniň möçberi boýunça  Ýewropada 1-nji orunda, satyn alyş mümkinçilikleri boýunça dünýäde 4-nji orunda goýdular. Öňde Hytaý, Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hindistan bar. Biz geçen ýyl Germaniýadan, üstümizdäki ýylda bolsa, Ýaponiýadan öňe geçdik. Bu görkezijiler bilen oňmaly däldiris. Hemme zat ösýär, hemme zat işjeň öňe barýar – diýip, Putin belledi.

“Wladimir Putin bilen ýylyň jemi” atly göni ýaýlymdaky gepleşigi harby žurnalist Dmitriý Kulko we teleýaýlym alypbaryjysy Aleksandra Suworowa alyp barýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar