JEMGYÝET

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etjek döwründe Russiýanyň Türkmenistana zerur bolan ähli kömegi bermäge taýýardygyny mälim etdi. Russiýanyň döwlet baştutany bu barada Sankt-Peterburgda geçirilen GDA-nyň resmi däl sammitiniň dowamynda aýtdy diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.

«1-nji ýanwardan Arkalaşykda başlyklyk etmek wezipesine girişýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we ähli türkmenistanly kärdeşlerimize üstünlik arzuw edýärin. Size zerur bolan ähli goldawy bermäge taýýardyrys» diýip, Putin belledi.

Russiýanyň Lideri, şeýle hem Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona 2025-nji ýylda GDA-da başlyklyk wezipelerini ýerine ýetirmekde görkezen konstruktiw çemeleşmeleri hem-de we başlangyçlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.

Türkmenistan 2026-njy ýylda Arkalaşykda başlyklyk eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi