DÜNÝÄ

Putin Mişustini premýer-ministr wezipesine hödürledi

Mälim bolşy ýaly, 7-nji maýda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň wezipesine girişmek dabarasyndan soňra ýurduň hökümeti resmi taýdan işini bes edipdi.

Prezident Putin ýurduň Döwlet Dumasyna Mihail Mişustini Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy wezipesine dalaşgärligini tassyklamaga hödürledi. Bu barada Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin habar berdi.

Wolodiniň bellemegine görä, deputatlar öz saýlawçylarynyň adyndan jogapkärçilikli çözgüt kabul ederler. Döwlet Dumasy ilkinji gezek häzirki zaman Russiýanyň taryhynda ýurduň hökümet düzümi tassyklar. Hökümetiň Başlygy, onuň orunbasarlary, federal ministrler deputatlaryň öňünde özüniň täze wezipede nähili işlejekdigi barada hasabatlar bererler.

58 ýaşyndaky Mihail Mişustin 2020-nji ýylyň ýanwaryndan bäri – 4 ýyl 3 aý 21 gün ýurduň Hökümetiniň Başlygy wezipesini alyp bardy. Ozalky Federal salgyt gullugynyň başlygy bolan Mihail Mişustin premýer-ministr wezipesini Dmitriý Medwedewden kabul edip alypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri