SPORT

Putin gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmakçy

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 2022-nji ýylyň fewralynda Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutýar.

Ol bu barada “Russiýa çagyrýar!” atly maýa goýum forumynyň çäklerinde eden çykyşynda belläp geçdi. Mälim bolşy ýaly, Wladimir Putin bu Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpinden çakylyk alypdy.

Hytaýyň Pekin şäherinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyny 4-nji fewralda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda dünýäde dowam edýän pandemiýanyň çäklerinde Hytaý tarapy bu abraýly halkara ýaryşyna doly taýýarlyk gördi. Koronawirusyň ýüze çykan hem-de çalt ýaýraýan “omikron” görnüşine garamazdan, Hytaý bu oýunlary ýatyrmagy göz öňünde tutmaýar. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrligi şeýle beýanat bilen çykyş etdi.

Soňra Halkara Olimpiýa komiteti hem muny tassyklady. Halkara Olimpiýa komiteti hem 2022-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň koronawirusyň täze görnüşiniň ýüze çykandygy üçin yza süýşürmegiň göz öňünde tutulmaýandygyny belledi.

20:0 hasaply duÅŸuÅŸyk

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi