PEÝDALY MASLAHAT

Püreli kebap

Gerekli önümler:

500 gram üwelen et

1 sany sogan

1 gysym ukrop

1 sany ýumurtga

2-3 diş sarymsak

1 käse çöregiň ýumşak bölegi

Duz

Burç

Paprika

Püresi üçin:

5-6 sany ýeralma

2 bulgur süýt

2 nahar çemçesi mesge

1 bulgur gyrgyçdan geçirlen ereme peýniri

Duz

Sousy üçin:

1.5 nahar çemçesi pomidor pastasy

Pomidor

Gök burç

Taýýarlanyşy:

Geliň, ilki bilen ýeralmalary arassalap, gazana gaýnatmana goýalyň we eti ýugurmana başlalyň. Munuň üçin soganlary arassalap, ownuk böleklere böleliň, soňra ýumurtga bilen ukroplary goşup gowy garyşdyralyň. Ulurak bir gapda üwelen eti hem salyp bilelikde gowy edip ýuguralyň we biraz dynjyny almana goýalyň. Soňra, etiňizi eliňiz bilen çörek bişirilýän tabada ýaýyň. Bir gapda pomidor pastasyny 2 bulgur gyzgyn suw bilen garyp, üwelen etiň üstüne guýuň.

Tabany peçe salyp, gyzarýança 170 dereje bişireliň.

Soňra ýeralma püresini taýýarlamaga dowam edip bilersiňiz. Gaýnan ýeralmalary ownuk böleklere bölüşdireliň, mesge we duz goşup, gowy edip ezeliň. Ýuwaş-ýuwaşdan süýdi hem goşalyň. Ýeralma püresi nädip ýasalýandygyny bilýän bolsaňyz, öz islegiňize görä edip bilersiňiz. Kremi aşa köp püre bolmagyny isleýän bolsaňyz, blender hem ulanyp bilersiňiz.

Ýeralmany püre edeniňizden soň, ereme peýnirini goşalyň we agaç çemçe bilen azajyk garmaly. Şeýdip, püräňiz taýýar bolar. Peçden alan gyzgyn etiňiziň üstüne taýýarlan püräňizi guýuň we dilimlenen pomidor,burç bilen bezäň. Soňra ýene peçe salyp biraz pomidorlar ereýänçä garaşalyň. Işdäňiz açyk bolsun!

Türkmenistan möhüm Konwensiýa goşulýar: Halkara arbitraž

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky: Onlaýn kabulhana» hyzmaty

Türkmen ýaşlary Türkiýede uçarman ugry boýunça okuwa çagyrylýar

Türkmenistandan Koreýa Respublikasyna ýolagçylaryň dykgatyna!

“Green Card” netijeleri 3-nji maýda belli bolar

Aşgabat bilen Awazanyň arasynda awtobus gatnawy ýola goýlar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda elektron wiza bermek bilen bagly täze kadalar kanuna girizilýär

Ata Watan Eserleri