BILIM

“Puma” markasy hakynda maglumatlar

Adamlar egin-eşik saýlanlarynda,esasanam, alýan eşikleriniň markalaryna üns berýärler. Bilşimiz ýaly, egin-eşiklerde, aýakgaplarda belli markalaryň biri hem Pumadyr. “”Puma” markasy haçan dörapdir?” “Esaslandyryjysy kim?” ýaly soraglar ýüze çykmanam duranok. Şol sebäpli şu ýerde markanyň taryhy hakynda gysgaça belläp geçeliň.

Dünýäde iň köp saýlanylýan “Adidas”, Puma” markalary 1920-nji ýyllarda iki doganyň bilelikde gurmagy bilen Germaniýada döredilýär. Adolf  bilen Rudolf biri-birinden belli bir sebäplere görä aralarynyň açylandygy sebäpli, “Adidas” markasyny  Adolf Dassler gurýar.

“Puma” sport egin-eşik markasy 1948-nji ýylda “Adidas” markasyny döreden Adolf Dassleriň dogany Rudolf Dassler tarapyndan döredilýär. Dünýäniň iň uly sport egin-eşik markasy Germaniýada ulanylyşa berilýär. Markanyň ilkinji logosy “D” harpyndan ybaratdy. 1967-nji ýylda Lutz Backes tarapyndan taýýarlanan täze Pumanyň logosy , haýwan şekili ýerleşdirilip sadalaşdyryldy.

Häzirki wagtda hem bu marka sportsmenler tarapyndan saýlanyp, meşhur markalar hataryna girýär.

Türkmenistan ilkinji gezek “akylly” telewizorlary eksport edýär

 

 

Ýene-de okaň

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri