Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşi (UEFA) tarapyndan geçirilýän klublar derejesindäki iň uly ýaryş bolan UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň final duşuşygy geçirildi. Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçirilen duşuşykda Fransiýanyň “PSŽ” topary Italiýanyň “Inter” toparyny 5:0 hasabynda uly hasap bilen ýeňdi.
Turuwbaşdan gowy oýun görkezen fransuz toparynyň düzüminde Aşraf Hakimi, Dezire Due, Hwiç Kwarasheliýa we Senni Maýul tapawutlandy.
Şeýlelikde, Fransiýanyň “PSŽ” topary taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Toparyň düzümindäki 19 ýaşyndaky Due 2 gol geçirip, duşuşygyň iň gowy oýunysy hökmünde saýlandy. Fransuz topary bu futbolçyny 2024-nji ýylyň tomsunda 50 million ýewro satyn alypdy.
5:0 hasaply final duşuşygy Çempionlar ligasynyň finalynyň täze rekordy boldy. Mundan ozal, 1994-nji ýylda “Milan” topary finalda “Barselona” toparyny 4:0 hasabynda ýeňipdi.
Fransiýanyň “PSŽ” topary bir möwsümde 3 kubok gazanan ýurduň ýeke-täk toparydyr. Üstümizdäki ýylda bu topar Fransiýanyň çempiony bolup, Çempionlar ligasynyň kubogyny hem-de Fransiýanyň Kubogyny gazandy.
Fransuz toparynyň ispan tälimçisi Luis Enrike Hosep Gwardioladan soňra dürli toparlar bilen bir möwsümde 3 kubok gazanan 2-nji tälimçi boldy. Ol mundan ozal, “Barselona” topary bilen 3 kubok gazanypdy.
Umuman, Fransiýanyň toparlaryndan mundan ozal, diňe “Marsel” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Ol hem 33 ýyl mundan ozal boldy. Şonda “Marsel” topary finalda Italiýanyň “Milan” toparyny Germaniýada geçirilen final duşuşygynda 1:0 hasabynda utupdy.
33 ýyldan soňra bu gezek Fransiýanyň “PSŽ” topary ýene-de Germaniýada oýnalan finalda Italiýanyň toparyny ýeňip, kubogy gazandy.
Şu wagta çenli Çempionlar ligasynyň kubogyny 24 topar gazandy. Olardan diňe Ispaniýanyň “Real Madrid” topary 15 gezek bu kubogy gazanyp, rekordyň eýesidir.