Türkmenistanyň prokuratura edaralaryna elektron ýüz tutmak mümkinçiligi döredildi. Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň saýty hereket edip başlady. Bu saýtyň “Ýüz tutma” bölüminde, şahsy ýüz tutma we elektron ýüz tutma mümkinçiligi barada maglumat berilýär.
Elektron ýüz tutma üçin şu ýere basyň!
Elektron Ýüz Tutmagyň Tertibi
Fiziki şahslaryň ýüz tutmalaryny elektron görnüşde kabul etmek üçin şu hereketleri yzygiderlikde ýerine ýetirmegiňizi soraýarys:
- Ýüz tutmak isleýän prokuratura edarasyny saýlaň;
- Hukuklaryň bozulan ýeri;
- Familiýaňyzy giriziň;
- Adyňyzy giriziň;
- Ataňyzyň adyny giriziň;
- Welaýaty ýa-da Aşgabady saýlaň we Etraby saýlaň;
- Salgyňyzy giriziň;
- Telefon belgiňizi giriziň:
- Email salgyňyzy giriziň;
- Ýüz tutmanyň mazmuny;
- Faýllaryňyz bar bolsa birikdiriň;
Ýokarda görkezilen ähli amallary ýerine ýetireniňizden soňra “ugradyň” düwmesine basyň. “Ugradyň” düwmesine basanyňyzdan soňra ýüz tutmaňyzda görkezilen telefon belgiňize sms arkaly ugradylan kody, emele gelen penjirede tassyklap, ugradyň düwmesine basyň. Şondan soňra Siziň ýüz tutmaňyz kabul edilýär.
Siziň ýüz tutmaňyz “Türkmenistanyň Administratiw önümçilik hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyň talaplaryna laýyklykda seredilip, netijesi barada arzaňyzda görkezen salgyňyza 1 aýyň dowamynda ýazmaça jogap beriler.
Bellik: Ýüz tutmany dolduran wagtyňyz “*” ýyldyzjyk görkezilen ýerler hökmany doldurylmaga degişlidir, şeýle hem Siziň şahsyýetiňizi tassyklamak üçin islendik tassyklaýjy resminamaňyzyň nusgasyny goşmagyňyzy Sizden haýyş edýäris.
Ýuridik şahslaryň ýüz tutmalaryny elektron görnüşde kabul etmek üçin şu hereketleri yzygiderlikde ýerine ýetirmegiňizi soraýarys:
- Edaranyň adyny giriziň;
- Wezipäňizi giriziň;
- Familiýaňyzy giriziň;
- Adyňyzy giriziň;
- Ataňyzyň adyny giriziň;
- Welaýaty ýa-da Aşgabady saýlaň we Etraby saýlaň;
- Salgyňyzy giriziň;
- Telefon belgiňizi giriziň:
- Email salgyňyzy giriziň;
- Ýüz tutmanyň mazmuny;
- Faýllaryňyz bar bolsa birikdiriň;
Ýokarda görkezilen ähli amallary ýerine ýetireniňizden soňra “ugradyň” düwmesine basyň. “Ugradyň” düwmesine basanyňyzdan soňra ýüz tutmaňyzda görkezilen telefon belgiňize sms arkaly ugradylan kody, emele gelen penjirede tassyklap, ugradyň düwmesine basyň. Şondan soňra Siziň ýüz tutmaňyz kabul edilýär.
Siziň ýüz tutmaňyz “Türkmenistanyň Administratiw önümçilik hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyň talaplaryna laýyklykda seredilip, netijesi barada arzaňyzda görkezen salgyňyza 1 aýyň dowamynda ýazmaça jogap beriler.
Bellik: Ýüz tutmany dolduran wagtyňyz “*” ýyldyzjyk görkezilen ýerler hökmany doldurylmaga degişlidir, şeýle hem Siziň kärhanaňyzyň hasaba alnandygyny tassyklamagyňyz üçin Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawynyň göçürmesiniň nusgasyny goşmagyňyzy Sizden haýyş edýäris.
ÝÜZ TUTMAGYŇ TERTIBI
Prokuratura edaralary fiziki we ýuridik şahslaryň kanunlaryň bozulandygy hakynda maglumatlary bar bolan arzalaryna, şikaýatlaryna we beýleki ýüztutmalaryna “Türkmenistanyň Administratiw önümçilik hakyndaky” we “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda seredýärler we çözýärler.
Fiziki we ýuridik şahslaryň kanunlaryň bozulandygy hakynda maglumatlary bar bolan arzalary, şikaýatlary we beýleki ýüztutmalary şulary öz içine almalydyr:
1) şikaýat berilýän administratiw edaranyň ady we salgysy;
2) şikaýat berýän fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady we hemişelik ýaşaýan ýeriniň salgysy ýa-da ýuridik şahsyň ady we ýuridik salgysy;
3) şikaýat edilýän administratiw nama ýa-da şikaýat edilýän administratiw edaranyň hereketi ýa-da hereketsizligi;
4) şikaýat beren şahsyň talaby we onuň esaslary;
5) şikaýatyň düzülen senesi;
6) şikaýat beren şahsyň goly.
Fiziki we ýuridik şahslardan prokuratura edaralaryna gelip gowuşýan arzalara, şikaýatlara we ýüztutmalara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möhletlerde seredilýär.
Prokuror raýatlaryň şahsy kabul edişligini alyp barýar, döwlet dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda arzalara we şikaýatlara seretmegiň tertibini düzgünleşdirýän kanunçylygyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar.
Ýüze çykarylan kanun bozulmalaryň her biri boýunça prokuror fiziki we ýuridik şahslaryň bozulan hukuklaryny we kanuny bähbitlerini dikeltmek, düzgün bozujylary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige çekmek boýunça çäreleri görýär.
Prokuratura edaralaryna şahsy ýüz tutma
Prokuratura edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan raýatlary şahsy meseleleri boýunça kabul etmek azyndan hepdede 1 gezek, etraplaryň we şäherleriň prokurorlary, harby we ýöriteleşdirilen prokurorlar tarapyndan hepdede 2 gezek geçirilýär.
Prokuratura edaralarynyň dessin işgärleri raýatlary şahsy meseleleri boýunça iş gününiň bütin dowamynda kabul edýärler. Dynç we baýramçylyk günlerinde raýatlar nobatçy prokurorlar tarapyndan kabul edilýär.
Raýatlar şahsy meseleleri boýunça kabul edilende olaryň prokuratura edaralarynda seredilmäge degişli däl meseleleri boýunça administratiw we beýleki edaralara ýüz tutmalydygy düşündirilýar.
Raýatlary kabul etmegiň tertibi şu internet web-saýtynyň degişli bölümlerinde hem-de prokuraturanyň edara binasynda görnükli ýerlerinde ýazylan.
Halkara okuw mekdepleri : Diplom ykrar etmek boýunça ugurlar