JEMGYÝET

Prezident Zardari: Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary ösdüreris

Pakistanda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy.

Prezident Asif Ali Zardari, iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini belledi.

Pakistanyň neşirleriniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Raşid Meredow bilen duşuşan Prezidenti Asif Ali Zardari ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki doganlyk ýurduň ykdysady edaralarynyň arasynda gatnaşyklaryň pugtalandyrmagyň zerurdygyny belläp gedi.

Prezident, Pakistanyň umumy gymmatlyklara we medeni gatnaşyklara esaslanýan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Asif Ali Zardari, şeýle hem Pakistanyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-hindistan gaz geçirijisi taslamasynyň möhletinden öň tamamlanjakdygyna ynam bildirdi we bu taslamanyň iki ýurduň ykdysady ösüşine uly kömek etjekdigini aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari 11-nji oktýabrda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşypdy.

Ýene-de okaň

HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy