Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan 2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda gol çekilen täze Karara laýyklykda, käbir ýurtlaryň raýatlaryna ABŞ-nyň çägine girmegine wiza çäklendirmeleri girizildi. Bu ýurtlaryň arasynda Türkmenistan hem bar. Bu barada Ak Tamyň resmi saýtynda habar berilýär.
Resminamada her ýurt üçin wiza çäklendirmeleriniň sebäpleri aýratyn görkezilýär. Türkmenistan bilen baglylykda bolsa, ABŞ tarapyndan berlen käbir wiza eýeleriniň öz wizalarynyň möhleti gutarandan soň ýurduna dolanmandygy, ýagny “wiza düzgünleriniň bozulandygy” aýdylýar.
Has takygy, ABŞ-nyň “Overstay Report” hasabatyna görä:
- B-1/B-2 (iş we syýahat) wiza görnüşinde galma düzgüni bozma derejesi 15,35 göterim,
- F, M we J (talyp we alyş-çalşygy maksatnamalary) wiza görnüşlerinde bolsa 21,74 göterimt diýlip görkezilýär.
Şeýlelikde, täze Karar bilen:
- Türkmenistan raýatlarynyň B-1, B-2, B-1/B-2, F, M we J wiza görnüşleri bilen ABŞ çäklerine girişi wagtlaýynça durdurylýar;
- Beýleki migrant däl wizalar boýunça bolsa wizanyň möhleti kanuny çäklerde gysgaldylyp berler.
Bu çäreler 2025-nji ýylyň 9-njy iýunyndan başlap güýje girýär.
Mahabat:
Halkara okuw we beýleki resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com
