DÜNÝÄ

Prezident saýlawlary: Daşary ýurt habar beriş serişdelerinde beýan edildi

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda  Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny- jemgyýetçilik-syýasy çäräni beýan etmek işine daşary ýurt habar beriş serişdelerinden — “TASS”, “Associated Press”, “Frans Press”, “NCA”, “Reuters” agentliklerinden, “TRT” teleradiokompaniýasyndan, “TRT World” teleýaýlymyndan, “Turkmenistan.ru” internet gazetinden, “Atavatan Türkmenistan” žurnalyndan we beýlekilerden habarçylaryň gatnaşandygyny aýtdy.

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň — bäsdeşlik esasynda guralan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerine garaldy.

Giňişleýin mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda syýasy, durmuş-ykdysady ulgamlarda okgunly ösüşlere gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasynda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň we raýat jemgyýetiniň döredilendigi nygtaldy. Şu babatda 12-nji martda hut şol dünýä we milli demokratik ýörelgeler esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilendigini görkezmek bolar.

Milli Liderimiziň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen taryhy mejlisinde eden çykyşynda geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň syýasy ulgamynyň ösüşine düýpli seljerme berildi, Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde durýan baş maksatlary we wezipeleri kesgitlenildi hem-de Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy tassyklanyldy.

Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda türkmen halkynyň köpasyrlyk adatlaryna, däp-dessurlaryna, baý medeni we ruhy mirasyna daýanyp, ýolbaşçylaryň ýaş nesline Türkmenistanyň döwlet işlerini dolandyrmaga giňden gatnaşmagy üçin ähli zerur şertleri we mümkinçilikleri döretmek baradaky başlangyjynyň ähmiýetini belledi.

Şundan ugur alnyp, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar, Konstitusiýa we saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk görmäge girişdi. Bu saýlawlar 12-nji martda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Giňişleýin mejlisiň dowamynda Hökümet Baştutanynyň orunbasary, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy jemgyýetçilik-syýasy çäräni beýan etmek işine daşary ýurt habar beriş serişdelerinden — “TASS”, “Associated Press”, “Frans Press”, “NCA”, “Reuters” agentliklerinden, “TRT” teleradiokompaniýasyndan, “TRT World” teleýaýlymyndan, “Turkmenistan.ru” internet gazetinden, “Atavatan Türkmenistan” žurnalyndan we beýlekilerden habarçylaryň gatnaşandygyny aýtdy. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýurdumyzyň daşary ýurtlarda bolýan raýatlarynyň hem öz konstitusion hukuklaryny berjaý etmekleri üçin zerur şertleriň döredilendigi barada habar berildi.

Halkara guramalaryň wekilleri, halkara synçylar we daşary ýurtly žurnalistler özleriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijeleri boýunça guran brifinglerinde we interwýularynda bu çärä ýokary baha berdiler. Hususan-da, halkara hyzmatdaşlar türkmen tarapynyň erkin, açyk, demokratik saýlawlaryň geçirilmegini üpjün etmek boýunça ähli halkara kadalary berjaý edendigini we bu babatda hiç hili bellikleriniň ýokdugyny aýtdylar. Türkmenistanyň saýlaw işini guramak babatdaky tejribesini nusga hökmünde peýdalanmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy.

Ýurdumyzyň durmuşyndaky şeýle möhüm ähmiýetli wakanyň ýokary netijeleri Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we Garaşsyzlygyny pugtalandyrmak, jemgyýetiň ýokary derejedäki agzybirligini we jebisligini üpjün etmek hem-de umumy ykrar edilen kadalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan köpugurly döwlet işiniň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen döwletiniň Baştutanynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Çykyşynyň ahyrynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ähli türkmen diplomatlarynyň, döwletimiziň daşary ýurtly dostlarynyň we halkara hyzmatdaşlarynyň adyndan Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy bu saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi we Türkmenistanyň iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Wise-premýer, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hökümet agzalarynyň kabul edilen milli strategiýalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna we halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen anyk wezipeleriň ählisiniň çözülmeginiň bähbidine ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Saýlanan Prezident Serdar Berdimuhamedow ynam bildiren saýlawçylara minnetdarlyk bildirdi

Ýene-de okaň

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy