JEMGYÝET

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ses bermäge gatnaşdy

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşyp, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň birine ses berdi.

Döwlet Baştutanymyz käbesi Ogulabat eje bilen has mynasyp diýip hasap eden dalaşgärine ses berip, konstitusion hukuklaryndan peýdalanyp, raýatlyk borçlaryny berjaý etdiler. Milli Liderimiz öz käbesine belent sarpa goýmak bilen, maşgala gymmatlyklaryna ýaşuly nesle hem-de ýurdumyzda aýratyn alada we hormat bilen gurşalyp alnan eneleriň mertebesini belende götermegiň nusgasyny görkezýär.

Şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň – Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda we türkmen halkynyň milli ruhuna mahsus ýagdaýda geçirilendigini bellemek gerek.

Soňra hormatly Prezidentimiz milli we halkara synçylar, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda taryhy ähmiýetli syýasy çäre – Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Şunda 9 dalaşgär iň ýokary döwlet wezipesine bellige alyndy. Olar halkyň ynamyna mynasyp bolan adamlardyr, şol mynasybetli hem şu gezekki saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

Milli Liderimiz Watanymyzyň geljegi üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan bu möhüm çäräniň açyklyk, aýanlyk we deňhukuklylyk, demokratik ýörelgeler esasynda geçjekdigine ynam bildirdi, munuň özi adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly goralýan dünýewi, demokratik, özygtyýarly, Bitarap döwletimiziň belent derejesine laýyk gelýär. Halkyň uly ynam bildirip, saýlan Prezidenti Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin özüne bagly ähli tagallalary eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki taryhy jemgyýetçilik-syýasy çäräniň umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryna hem-de ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda geçirilýändigini kanagatlanma bilen belläp, hemmelere asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz saýlaw uçastogyndan çykyp, sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi, soňra Türkmenistanyň halk artisti, bagşy Läle Begnazarowa bilen söhbetdeş boldy hem-de onuň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny belläp, diňleýjileriň arasynda meşhurlyga eýe bolandygyny aýtdy. Milli Liderimiz aýdymça döredijiliginde geljekde hem üstünlikleri arzuw etdi.

 

Ýene-de okaň

Oraza aýy-2025 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Arkadag şäherinde 5G” tehnologiýasynyň işi ýola goýlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde “4G+” internet ulgamynyň işine ak pata berdi

Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze resminamasy kabul ediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda zenanlara Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşurylar