DÜNÝÄ

Prezident Baýden prezident saýlawlary üçin ses berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 5-nji noýabrda geçiriljek prezident saýlawlary üçin wagtyndan öň sesini berdi. Prezident Baýden munuň üçin öz dogduk mekany bolan Delawerdäki saýlaw uçastogynda sesini mynasyp gören dalaşgärine berdi.

ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Baýden Delawer ştatynyň Wilmington şäherindäki saýlaw uçastogyna bardy. Baýdeniň ses bermek işine gatnaşmagyna Amerikanyň metbugaty uly gyzyklanma bildirdi. Ses bermek üçin saýlaw uçastogyna baran Baýden beýleki saýlawçylar ýaly nobata durup, öz nobatynda sesini berdi.

Şeýle hem Baýden saýlaw uçastogynda beýleki saýlawçylar bilen söhbetdeş boldy. Soňra ol şahsyýetnamasyny görkezip, bellige alnandan soň elektron goluny çekdi. Baýden ses bermek üçin göz öňünde tutulan enjamda sesini berdi.

Baýden sesini berenden soňra özüne garaşyp oturan žurnalistler bilen söhbetdeş bolup, olaryň sowallaryna jogap berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri