JEMGYÝET

Prezident Ärdogan: Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiýä getirmegi meýilleşdirýäris

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň öňüsyrasynda Ankara şäherindäki “Esenboga” howa menzilinde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Prezidenti Ärdogan habarçylaryň Awazadaky sammitiň gün tertibindäki esasy wakalaryň biriniň energetika ugry bolup durýandygyny we türkmen gazynyň dünýä bazaryna iberlmeginde Türkiýäniň orny baradaky sowala beren jogabynda Türkmenistanyň tebigy gazyny Hazar deňzi arkaly Türkiýä getirmek üçin tagalla edilýändigini belledi.

Awazadaky sammitde maslahatlaşyljak esasy mowzuklaryň biriniň energetika ugry boljakdygyny bellän Ärdogan, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri bilen bu mesele babatda pikir alşyljakdygyny mälim etdi.

Ärdogan 3 ýurduň daşary işler ministrleriniň sammitiň deslapky taýýarlyk işlerini tamamlandyklaryny belläp, döwlet Baştutanlary derejesinde täze bir hyzmatdaşlyk meýdançasynyň döredilýändigini belledi.

Sammitde energetika, ulag we söwda ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna has köp üns beriljekdigini belläp geçen Ärdogan bu sammit bilen energetika, ulag, söwda, ykdysadyýet, gümrük, bilim, ylym we medeniýet ýaly ugurlarda jogapkär edaralaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk mehanizmlerine goldaw berjekdiklerini mälim etdi.

Ýene-de okaň

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler