JEMGYÝET

Prezident Ärdogan: Türkmenistanyň tebigy gazyny günbatara ibermek üçin işleri ýola goýmak zerurdyr

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammiti geçirildi.

Onuň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda Birinji üçtaraplaýyn sammit ilki bilen çäkli düzümde we soňra giňeldilen düzümde dowam etdirildi.

Giňeldilen düzümde dowam etdirilen sammitiň barşynda çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň tebigy gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Türkiýä we dünýä bazaryna ibermek üçin degişli işlere başlamalydyklaryny mälim etdi.

Prezident Ärdogan degişli ministrlikleriň arasynda ýola goýlan üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk meýdançalarynyň ähmiýetini belläp, Ýewropada we tutuş dünýäde energetika howpsuzlygynyň ähmiýeti has-da artdandygyny belledi.

Esasan hem Türkiýe Respublikasy hökmünde bu ugurda köpden bäri degişli işleri alyp barýandyklaryny bellän Prezident Ärdogan BakTbilisi-Jeýhan nebit geçirijisi, Günorta gaz geçelgesi bu babatda möhüm bolup durýardygyny mälim etdi.

Türkmen tebigy gazynyň günbatar bazaryna iberilmegi üçin degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny bellän Ärdogan Hazar deňzindäki “Dostluk” käniniň özleşdirilmegi babatda Türkmenistan we Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.

Şol bir wagtda Türkiýäniň Türkmenistan we Azerbaýjan bilen elektrik energetikasyny ibermek babatda hem hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny bellän Prezident Ärdogan şol bir wagtda 3 ýurduň arasyndaky söwda-ykdysayd gatnaşyklaryň ösdürmek babatda işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Ýapon ilçisi: Türkmenistanda ýapon dilini öwrenýänleriň sany ep-esli artdy

Türkmenistanda daşary ýurt hukuk diplomlaryny ykrar etmegiň tertibi täzelendi

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy