DÜNÝÄ

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň ordeni bilen sylaglandy

Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen orden bilen sylaglandy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkiýäniň Prezidentine ýokary döwlet sylagy gowşuryldy.

Dabarada çykyş eden hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasy bilen ýola goýlan strategik we uzakmöhletleýin gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hemişe ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Türkiýäniň Prezidentiniň görnükli syýasatçy hökmünde bütin dünýäde tanalýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistana yardam bermekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen orden bilen sylaglanýandygyny belledi.

Türkiýäniň Prezidenti hem Türkmenistanyň ň ýokary döwlet sylaglarynyň biri bilen sylaglanandygyny üçin hoşallygyny bildirdi.

 

Türkmenistan bilen Türkiýe täze ylalaşyklara gol çekişdi

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar