JEMGYÝET

Premýer-ministr Sudani: Yrak türkmen gazyny almak üçin zerur işler geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmenistan we Yrak Respublikasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeldýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerýän daşary syýasy ugruny hem-de BMG we beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Yrak Respublikasyna minnetdarlyk bildirdi.

YRAGYŇ AŞGABATDA DIPLOMATIK WEKILHANA AÇMAGYNA GOLDAW

Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň işjeňleşdirmeginiň zerurdygyny belläp, Aşgabatda Yrak Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň açylmagy we onuň netijeli işlemegi üçin ähli amatly şertleri döretmäge Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasatyna berk eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, 2 ýyl mundan ozal, Türkmenistan bilen Yragyň gaz pudagynda bilelikdäki işlere girişendiklerini hem-de her ýyl 10 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny “swap”usulda goňşy Eýranyň çäginden Yrak Respublikasyna ibermek boýunça düýpli ylalaşygyň gazanylandygy bellenildi.

Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudani Yrak Respublikasynyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, munuň üçin zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudanini Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy. Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudani şeýle ýokary derejeli foruma gatnaşmak özi üçin uly mertebe bolup durýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk hatyny iberdi

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlaýar

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlaýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy