SIZDEN GELENLER

Pingiwinler barada gyzykly maglumatlar

Bizi gurşap alan tebigatda janly-jandarlaryň ençemesine gabat gelmek bolýar. Olaryň her biri özüne mahsus bolan alamatlar boýunça bir-birinden tapawutlanýar. Şeýle jandarlaryň biri hem pingiwinlerdir.

Pingiwinler barada gyzykly maglumatlar:

– taryhy maglumatlara görä, pingiwinler dinozawrlaryň ýaşan zamanasynda hem ýaşandygy aýdylýar;

– dünýädäki iň kiçi pingiwiniň beýikligi 30 sm-den gowrakdyr. Ol kiçi gök pingiwindir;

– günorta ýarym şarda pingiwinleriň ýabany görnüşleri ýaşaýar. Bu ýerde olaryň iki görnüşine duş gelmek bolýar. Demirgazyk ýarym şarda bolsa Galapagos pingwinleri ýaşaýarlar. Olar tebigy ýagdaýda ýaýran pingiwinlerdir;

– pingiwinleriň gara arkasy we ak garny bardyr. Olar misli “kostýum” geýnen ýalydyrlar. Pingiwinleriň suwda bolýan wagtlary olaryň gara reňkli arkasy howadaky ýyrtyjy guşlara görünmezlige we olara olja bolmazlyga ýardam berýär. Aşakdan seredilende bolsa ýagty asman bilen sazlaşýar. Diýmek, olaryň reňkleri pingiwinleri özünden uly ýyrtyjylara aw bolmakdan gorap saklaýar;

– pingiwinler has çalt hereket etmek üçin akylly hileleri ulanýarlar. Olar gury ýerde gülkünç bolup görünseler-de, suwda örän gowy ýüzýärler. Olar iň gowy suwda ýüzüjisinden dört esse çalt ýüzüp bilýärler;

– pingiwinleriň käbir görnüşleri gaýalary gowy görýärler, olary höwürtge ýasamak üçin ulanýarlar;

– alymlar Antarktidadaky pingwin koloniýalaryny öwrenmek üçin işleýärler. Olaryň öwrenen koloniýalarynda pingwinleriň sany takmynan 60% azalypdyr.

– alymlar pingiwinleriň häzir hem näçe görnüşiniň bardygyny anyk kesgitläp bilmeýärler. Çaklamalara görä, olaryň 17-20 görnüşi bardyr.

– pingiwinleriň aglabasy 4-7 mil/s bilen ýüzüp bilýärler.

 

Ilhan Muhammedow,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

 

Staýnmaýer täzeden Germaniýanyň Prezidenti boldy

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk