IŞ ORUNLARY & TENDERLER

“PETRONAS Çarigali”: işe çagyrýar

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy aşakdaky hünär boýunça dalaşgärleri işe çagyrýar:

Türkmenbaşyda — Gyýanlyda işlemek üçin

tehnik (elektrik)

Ähli dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

  1. Bilimi: degişli uniwersitetiň (politehniki ýa-da nebitgaz) inženerçilik ylymlary boýunça diplomy ýa-da orta, ýörite tehniki okuw mekdebiniň diplomy ýa-da şahadatnamasy.
  2. Iş tejribesi: elektrik togy bilen baglanyşykly elektron düzüm bölekleri, enjamlary ýa-da gurluşlary abatlamak we olara tehniki hyzmatlary bermek boýunça 5 ýyl tejribesi bolmaly.
  3. Dil ukyplary: türkmen, iňlis, rus dillerini erkin bilmeli.
  4. Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmasy.

Sowalnamalary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki edara jaýynda şu salgy boýunça alyp bilersiňiz:

Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaýy (Blok “B”).

Doldurylan sowalnamalar iş barada bildirişiň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman, “PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň doly adyny we tabşyrýan wezipesini görkezip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

 

BMG-niň Baş Assambleýasy: «C5+1» formatyndaky onlaýn duşuşyk

 

Ýene-de okaň

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Lebap welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkan welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

“Petronas” täze boş iş orunlaryny hödürleýär