SPORT

Peläniň ýagdaýy erbetleşdi

Şu günler metbugat sahypalarynda ady rowaýata öwrülen, dünýäniň futbol dünýäsiniň ägirdi Peläniň ýagdaýynyň erbetleşendigini mälim edilýär.

Ol häzir Sao-Paolo şäheridäki Albert Eýnşteýn adyndaky hassahanada bejergi alýar. 82 ýaşyndaky futbolçy düwmük keseline garşy göreşýär. Şeýle hem ol böwrek we ýürek keselleri zerarly ejir çekýär. Şonuň üçin futbolçynyň bejergisini hassahanada dowam etdirmegi maksadalaýyk hasaplandy.

Peläniň gyzy Keli Nasçimento üstümizdäki ýylda kakasynyň Täze ýyl baýramçylygyny öýünde belläp bilmejekdigini mälim etdi.

PEle 2021-nji ýylda hem hassahanada bejergi alyp, içegelerinden düwnük keseliniň döremeleri üçin operasiýa edilipdi.

Futbolyň ägirdi hasaplanýan Pele 3 gezek dünýä çempiony bolan ýeke-täk futbolçydyr. Ol 1958-nji, 1962-nji we 1970-nji ýyllarda Braziliýanyň ýygyndysy bilen dünýä çempiony bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär