DÜNÝÄ

Paýtagtymyzda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy geçirildi

Paýtagtymyzda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty geçirildi.

Üç günläp dowam edýän forum önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygyny, özara bähbitli söwda gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Hemmeler döwlet Baştutanymyzyň «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasyna hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Hormatly Prezidentimiz bu giň möçberli çäreleriň halkara söwdany ösdürmekde, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmekde, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak esasynda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, halkara ülňülerine laýyk gelýän harytlary dünýä bazarlarynda ilerletmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra çärelere gatnaşýan köpsanly myhmanlar sergi-ýarmarkada ýaýbaňlandyrylan sergi diwarlyklary bilen tanyşdylar. Olarda görkezilýän dürli görnüşli baý harytlar ýurdumyzda ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany bolup, bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär.

Sergide ýurdumyzyň we daşary döwletleriň 140-dan gowrak kompaniýalary hem-de halkara düzümleri öz işleri we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen bu ýere gelýänleri tanyşdyrdylar.

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy

Türkmenistan we Koreýa özara syýahaty ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar

Ata Watan Eserleri

Parižde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň medeni-sazly agşamy geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi