BILIM

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” bäsleşigine badalga berildi

2022-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň I oýny geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, bäsleşigiň bu ýylky möwsümine gatnaşmaga ýurdumyzyň dürli künjeginden isleg bildiren mekdep okuwçylarynyň 300-den gowragy test synaglaryny tabşyrdylar. Synaglarda iň ýokary netijeleri görkezen mekdep okuwçylarynyň 64-si bäsleşigiň bu ýylky II möwsüminiň saýlama tapgyrlaryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşigiň I oýny “Gadymy Marguşdan Parfiýa çenli: parahatçylyk sungatynyň siwilizasion ýörelgeleri” boýunça geçirildi. I saýlama tapgyrynyň I oýnuna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite-sazçylyk mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Hezretaly Myradow, Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçylary Gülzada Atajanowa, Wepa Rozyýew, Aýlar Esenowa, Kerwen Annaberdiýew, Aşgabat şäheriniň 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Merjen Kürenowa,  Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Hekimmuhammet Ahmedow, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Dawut Gezerow, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Bägül Gurdowa, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýgözel Amanowa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Atabaý Arslanow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerine ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mähri Guzyçyýewa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ahmet Mämmetnurow, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 21-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ysmaýyl Tagandurdyýew dagy gatnaşdylar.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň ilkinji oýnuna “Pähimdarlar geňeşiniň” agzalary bolup, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň sözlükçilik, adalgaşynaslyk we söz medeniýeti bölüminiň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Akmyrat Babaýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa bölüminiň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Mähri Perdeliýewa dagy adalatly eminlik etdiler.

Bäsleşigiň netijelerine görä, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite-sazçylyk mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Hezretaly Myradow, Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy Wepa Rozyýew hem-de Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Dawut Gezerow I oýnuň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary ” atly akyl- paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň I oýny “Miras” teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşik ýakyn günlerde “Miras” teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.

Miwe Jumadurdyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Kembrij sözlügi 2024-nji ýylyň “sözüni” saýlady

Aşgabatda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar