Aşgabat şäheriniň “Parahat 7” ýaşaýyş toplumynda 20 sany 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýoluny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýär B.Annamämmedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde “Parahat 7” ýaşaýyş toplumynda durmuş maksatly binalary gurmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 864 hojalyga niýetlenen 20 sany 9 gatly nobatdaky döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýoluny gurmak boýunça teklibi goldady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
