SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Pandemiýa üçin habardarlylygy ýokarlandyrmak

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň guramagynda “Bütindünýä pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habardarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly maksatnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlaryň maslahaty geçirildi.

Geçirilen maslahata ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Bütindünýä pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habardarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada pikir alyşyldy. Şeýle hem ýokarda agzalan maksatnamanyň çäklerinde geljekde ýerine ýetirilmeli işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Kandidatlyk:Ylmy-barlag tebigy gaz instituty

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar