BILIM

Pandemiýa döwründe türkmen talyplarynyň sany artdy

Pandemiýa döwründe Belarusyň döwlet uniwersitetinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwletlerinden bilim alýan talyplaryň sany artdy, şol talyplaryň esasy bölegini türkmenistanly talyplaryň tutandygy mälim edildi. Bu barada “Mir24” telelýaýlymy habar berdi.

Habarda Türkmenistandan, Russiýadan we Gazagystandan talyplar okuwa merkezleşdirilen test synaglary esasynda kabul edilýändigi, beýlekileriň bolsa tölegli okuwa söhbetdeşlik arkaly kabul edilýändigi bellenilip geçildi.

Belarusyň döwlet uniwersitetinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan 2000-den gowrak talyp bar. Pandemiýa döwründe häzirki zaman tehnologiýalarynyň hasabyna olaryň sany ep-esli artdy.

– Biziň işgärlerimiz örän ykjam, ýokary tehnologiýaly uniwersitetimiziň portaly okuwyň ähli ugurlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär – diýip, Belarusyň döwlet uniwersitetiniň prorektory Dmitriý Medwedew belläp geçdi.

Daşary ýurtlular, köplenç, filologiýany we halkara žurnalistikany saýlaýarlar. Belarusyň ykdysatçy we hukukçy diplomyny almak isleýänleriň sanynyň hem az däldigi bellenilýär.

“Altyn Asyr” Oraza 2021 hyzmatyny hödürlenýär

Ýene-de okaň

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri