DÜNÝÄ

Pan Gi Muna Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy

Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli resmi çäre gurnaldy.

Çärä goňşy döwletleriň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-döwletleriň Ilçileri, şeýle-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Koreý tarapyndan çärä hormatly myhman hökmünde Global ýaşyl ösüş inistitutynyň ýolbaşçysy Pan Gi Mun hem-de Koreýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Kim Hyoeun gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda Global ýaşyl ösüş inistitutynyň ýolbaşçysy Pan Gi Muna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medal gowşuryldy. Pan Gi Mun öz çykyşynda Türkmen Liderine minnetdarlyk sözlerini beýan etdi hem-de Türkmenistanyň halkara guramalar, hususan-da Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Çäräniň resmi böleginde çykyş edenler türkmen döwletiniň ösüş depgini, iki ýurduň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklar, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary hem-de ösüş mümkinçilikleri barada bellediler.

 

Koronowirusa garşy gerdejikler öndüriler

 

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi