JEMGYÝET

Pan Gi Mun: 12-nji dekabr türkmen halky üçin möhüm seneleriň biri

Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň ýolbaşçysy, BMG-niň ozalky Baş sekretary Pan Gi Mun hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli gutlady. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde çap edilen gutlag hatynda bellenilip geçilýär.

Bu hatda hususan-da şeýle diýilýär:

– Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň 26 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin örän ýakymly. Türkmenistanyň taryhynda täze sahypany açan 12-nji dekabr türkmen halky üçin möhüm seneleriň biridir. Bitaraplyk ýurduň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär. Şu pursatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasy barada ýatlamak isleýärin. 11-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen parahatçylyk we ynanyşmak forumy hem 2019-njy ýylda biragyzdan tassyklanylan şol Kararnamada göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. BMG-niň ozalky Baş sekretary hökmünde men Türkmenistanyň syýasy gepleşikler, özara düşünişmek hem-de hyzmatdaşlyk esasynda halklaryň arasyndaky parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmek boýunça edýän tagallalaryny doly goldaýandygymy aýtmak isleýärin.

Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan özüni syýasy durnuklylygy saklamak we hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde Birleşen Milletler Guramasynyňygtybarly hyzmatdaşy hökmünde tanatdy. 2007-nji ýylda sebit döwletleriniň ählisiniň goldamagynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

TÜRKMENISTAN ÄHLUMUMY ÝAŞYL ÖSÜŞ INSTITUTYNA GOŞULÝAR

Pursatdan peýdalanyp, meni «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandygy üçin hormatly Türkmenistanyň Prezidentine ýene-de bir gezek sagbolsun aýdýaryn. Türkmenistanyň parahat we durnukly ýurt hökmünde ösüşine ujypsyzja bolsa-da goşant goşandygyma men örän buýsanýaryn. Golaýda maňa türkmen döwletiniň Ählumumy ýaşyl ösüş institutyna resmi taýdan goşulmak babatda degişli işleri alyp barýandygy hakynda habar berdiler. Türkmenistanyň bu düzüme goşulmagy bilen bagly resminama gol çekendigi üçin türkmen Liderine hoşallygymy bildirýärin.

Ählumumy ýaşyl ösüş instituty hökümetara gurama bolup, oňa dünýäniň 41 döwleti agza bolup durýar. Bu düzüm öz agzalaryna «ýaşyl» ösüşe geçmek, inklýuziw we durnukly ykdysady ösüşi gazanmak işinde goldaw berýär. Guramanyň ýolbaşçysy hökmünde ýakyn wagtlarda Türkmenistany Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň täze gatnaşyjysy bolmagy bilen gutlamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Ýurduň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli TürkmenistanyňPrezidentini we ähli halkyny ýene-de bir gezek mähirli gutlap, ýetip gelýän Täze ýyly hem uly üstünlikler bilen garşylamagyňyzy arzuw edýärin.

Dünýäniň küşt çempiony – Magnus Karlsen

Ýene-de okaň

Lawrow: türkmen-rus uniwersiteti boýunça hökümetara şertnama taýýarlanar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Raşid Meredow bilen Marko Rubio arasynda telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň daşary işler ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

Beýik Britaniýa Türkmenistana hoşallyk bildirdi

Eýranyň daşary işler ministri Aşgabatda saparda boldy

Ata Watan Eserleri