SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Pakistan Türkmenistanyň bilen göni howa gatnawlaryny dikeltmegi teklip edýär

Türkmenistanyň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi doktor Faryal Leghari tarapyndan çap edilen makalada iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň ähmiýeti aýratyn nygtalýar.

Diplomatyň bellemegine görä, Aşgabat bilen Pakistan arasyndaky iki sagatlyk howa gatnawy ilaty 240 milliondan gowrak bolan ýurduň raýatlaryna diňe bir Türkmenistana amatly ýagdaýda gelmäge däl, eýsem «Türkmenhowaýollary» kompaniýasynyň Ýewropany, Russiýany, Hytaýy, Uzak Gündogary hem-de Aziýa-Ýuwaş ummany sebitini öz içine alýan giň halkara ugurlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Howa gatnawlarynyň dikeldilmegi söwdanyň, lukmançylyk syýahatçylygynyň, bilim we medeni alyş-çalyşlaryň ösmegine, şeýle hem mango, sitrus miweleri, gök önümler, et we tüwi ýaly önümleriň çalt eltilmegine goşmaça mümkinçilikleri döreder diýip bellenilýär.

Makalada şeýle-de Pakistanyň «Merkezi Aziýa Garaýşy» syýasatynyň çäklerinde Yslamabad Türkmenistany ýurduň içerki bazarlary bilen baglanyşdyrjak we Karaçi hem-de Gwadar portlarynyň üsti bilen halkara bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berjek täze söwda we ulag ugurlaryny döretmegi teklip edýär diýilýär.

Mundan başga-da, Pakistan eýýäm türkmen işewürlerine 24 sagadyň dowamynda iş wizasyny almak mümkinçiligini berýär. Dokma pudagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde seredilýär. Türkmen pagta, ýüplük we ýüpek önümleri Pakistana eksport edilip bilner, Pakistandan bolsa dokma we egin-eşik önümleri Türkmenistanda bazarynda öz ornuny alyp biler.

Ýene-de okaň

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy

Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

Aşgabatda täze, döwrebap saglyk öýi açyldy

Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen we Daşoguz şäherlerinde saglyk merkezlerini gurar