SPORT

“Pahtakor” – 15-nji gezek çempion

Özbegistanyň “Pahtakor” topary 15-nji gezek Özbegistanyň futbol çempionatynyň çempiony boldy. Ukrainanyň “Dinamo Kiýew” toparynyň ozalky hüjümçisi Maksim Şaskihiň tälim berýän “Pahtakor” topary ýurduň çempionatynyň soňky tapgyrynda “Bunýedkor” toparyny 2:0 hasabynda utup, çempionlygyny yglan etdi.

Degişlilikde, “Pahtakor” topary bu gazanan ýeňşi bilen “Nawbahor Namangan” toparyndan 1 utuk öňe saýlandy we 15-nji gezek Özbegistanyň futbol çempionatynyň iň güýçli topary boldy. Bu topar bassyr 4 ýyl ýurduň çempiony bolmagy başaran toparlaryň biridir.

Maksim Şaskkih şu ýylyň iýulynda bu topara tälimçi bellenipdi. Mundan ozal, ol köp ýyllap “Dinamo Kiýew” toparynda oýnapdy.

“Pahtakor” topary mundna ozal, Ş1992, 1998, 2002, 2003, 2004, 2005, 2006, 2007, 2012, 2014, 2015, 2019, 2020 we 2021-nji ýyllarda çempion bolupdy. Şeýlelikde, bu topar 2 gezek 4 ýyl yzly-yzyna çempion bolan ýeke-täk topardyr. Şeýle hem bu topar 2002-2007-nji ýyllar aralygynda yzly-yzyna çempion bolar topardyr.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň futbol çempionatynyň iň gymmat futbolçysy

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2025: toparlar düzümlerine üýtgeşmeler girizdiler

Luis Dias “Bawariýa” geçdi

Žoau Feliks “Al-Nasryň” futbolçysy boldy

Türkmenistanyň futbol täzelikleri

Angliýanyň zenanlary Ýewropa çempiony boldy