Daýhanlarymyz pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almagyň hasabyna ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda arman-ýadaman zähmet çekýärler. Geçen ýyly şowly jemläp, abraý eýeleri bolan kärendeçi daýhanlarymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny hem üstünliklere beslemegi maksat edinýärler.
Şu günler ýurdumyzda oba hojalyk ulgamynda zähmet gaýnap joşýar. Diýarymyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatyndna soňra Daşoguz welaýaty hem gpwaça ekişine girişdi.
Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmek, özgertmek baradaky taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň babadaýhanlary pagtanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny ýetişdirýärler.
Şonuň üçin oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin irginsiz alada edilýär. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary tassyklanan tertibe laýyklykda, gowaça ekişine girişdiler. Bu welaýatyň howa şertleri göz öňünde tutulyp, ekiş möwsümi ýurdumyzyň beýleki sebitlerine görä, biraz giç başlaýar.
Şu ýyl ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde 140 müň gektara gowaça ekilip, ondan “ak altynyň” 275 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Welaýatyň daýhanlary orta süýümli pagtanyň “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “S-4727”, “Jeýhun”, “F-149”, “Ýolöten-39” ýaly görnüşlerini ýetişdirýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, jogapkärli möwsüme — gowaça ekişine toplumlaýyn we guramaçylykly taýýarlyk görmegiň çäklerinde döwrebap tehnikalaryň — dürli kysymly traktorlaryň, ekijileriň, kultiwatorlaryň doly derejede we sazlaşykly işledilmegine hem-de pagtaçylaryň tohum bilen ýeterlik derejede üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Jennet Agadžaÿewa, TOHU-nyň mugallymy.