SPORT

Özbek futbolçynyň ilkinji resmi goly

Özbegistanly hüjümçi Eldor Şomuradow Russiýanyň milli çempionatyndan oýnap, soňra Italiýanyň ilkibaşda “Jenoa” toparyna, soňra bolsa “Roma” toparyna geçdi. Ol täze toparynyň düzüminde ilkinji resmi duşuşygynda tapawutlanmagy başardy.

UEFA-nyö Liga Konferensiýa ýaryşynda “Roma” topary Türkiýäniň “Trabzonspor” topary bilen duşuşdy. Bu duşuşykda “Roma” topary 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, toparyň ýeňiş goluny 81-nji minutda Eldor Şomuradow öz adyna ýazdyrdy.

Şomuradow “Roma” toparynyň düzüminde ýoldaşlyk duşuşyklarynda hem oýnap, “Betis” hem-de Marokkonyň “Raja Kasablanka” toparynyň derwezesinden hem gol geçiripdi.

– Men bagtly, sebäbi meniň geçiren pökgim topar üçin gaty möhümdi. Tälimçimiz Žoze Mourinýo bilen aragatnaşykda käbir kynçylyklarym bar, sebäbi italýan dilini gaty gowy bilemok, ýöne oýun wagtynda biri-birimize düşünýäris. [Temmi] Abraham bilen bilelikde oýnap bilerin öýdýärin “-diýip, Şomurodow “Sky Sport Italia” neşirine duşuşykdan soňra beren beýanatynda belläp geçdi.

 

Russiýadan sanawa haýsy ýokary okuw mekdepleri girýär?

Ukraina, Belarus, Gazagystan we Gruziýadan sanawa haýsy ýokary okuw mekdepleri girýär?

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi