JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň wise-premýerini kabul etdi

Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çäginde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewi kabul etdi. Bu barada özbek Lideriniň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň başynda wise-premýer Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky dostluk, hoşniýetlilik we strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de berkitmek bilen baglanyşykly häzirki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika, suw hojalygy ýaly ugurlarda giň gerimli hyzmatdaşlygyň täze gün tertibiniň döredilmegine we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.

Ýakynda geçiriljek sebitara forumyna, şeýle hem bilelikdäki işewürlik we medeni çärelere ykjam taýýarlyk görmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar