DÜNÝÄ

Özbegistanyň Prezidenti Günorta Koreýada saparda bolar

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew öňümizdäki hepde Koreýa Respublikasynda saparda bolar. Bu barada Günorta Koreýanyň “Yonhap News” habarlar gullugy habar berýär.

16-njy dekabrda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Koreýa Respublikasyna 3 günlük döwlet sapary başlanýar. Bu saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda ýokary derejede gepleşikler geçiriler.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary özara hyzmatdaşlygyň ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň köp sanlysyny ara alyp maslahatlaşarlar.

Geljek ýyl Özbegistan bilen Koreýa Respublikasy diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellär.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2017-nji ýylda Günorta Koreýada döwlet saparynda bolupdy.

Şu ýylyň oktýabrynda geçirilen prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew kasam kabul edip, wezipesine girişenden soňra Türkiýede we Türkmenistanda iş saparynda, Russiýada resmi saparynda, Gazagystanda bolsa döwlet saparynda boldy.

 

“Time” žurnaly boýunça ýylyň türgeni

Ýene-de okaň

Indoneziýadaky suw joşgunlarynyň ýetiren zyýan $4 mlrddan geçip biler

Gazagystan bilen Ýewropa Bileleşigi wiza düzgünini ýeňilleşdirer

Wladimir Putin Hindistana döwlet sapary bilen bardy

Ýaponiýa-Merkezi Aziýa sammiti dekabrda Tokioda geçiriler

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy