SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Özbegistanda Türkmenistanyň iri lukmançylyk klasteri tanyşdyryldy

Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri A.Hudaýarowyň arasynda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda saglygy goraýyş, lukmançylyk bilimi, farmasewtika we ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmak ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Arkadag şäherinde iri lukmançylyk klasteriniň döredilişi we bu klasteriň derman serişdelerini işläp taýýarlamak, dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmek boýunça alyp barýan ylmy-barlag işleri barada habar berdi. Şeýle-de türkmen tarapy Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasyny alan «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň işi we bu kärhana tarapyndan öndürilýän lukmançylyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde akademik W.Wahidow adyndaky hirurgiýa boýunça Özbegistan Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ylmy-amaly lukmançylyk merkeziniň binasynda Arkadag şäherinde döredilýän iri lukmançylyk klasteriniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä Özbegistanyň lukmançylyk merkezleriniň ýolbaşçylary we özbek telekeçileri gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş. Meredow çykyş edip, ol öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi.

Çykyş edenler Arkadag şäherinde döredilýän lukmançylyk klasteriniň derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýalaryny we enjamlaryny işläp taýýarlamak boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmegi, bu ugurda döwrebap bilim bermegi, şeýle hem raýatlaryň saglygyny goramak boýunça dünýäniň iň gowy tejribelerini ulanmaga gönükdirilen toplumlaýyn innowasion başlangyçdygyny aýratyn bellediler.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär