SPORT

Özbegistanda Syýahatçylyk we sport ministrligi döredildi

Özbegistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda, Syýahatçylyk we sport ministrligi Bedenterbiýe we sport ministrligi we Syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet komiteti esasynda döredildi diýip, ýurduň döwlet habar gullugy “UzA” habar berdi.

Premýer-ministriň orunbasary – Syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy Aziz Abduhakimowyň wezipesine Premýer-ministriň orunbasary – syýahatçylyk we sport ministri hökmünde üýtgedildi.
Şeýle hem ýurtda kino önümçiliginde hem birnäçe üýtgeşikler girizildi. “Özbekkino” milli agentliginiň ady Özbegistanyň Kinemotagrafiýa agentligine öwrüldi.

Täze agentligiň işiniň has-da kämilleşdirilmegi babatda döwlet tarapyndan maliýe serişdeleri gönükdiriler. 12 milliard som möçberindäki maliýe serişdeleriniň hasabyna ýurtda milli seriallaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem ýurtda telekeçilere kinoteatrly söwda-dynç alyş merkezlerini gurmak üçin mugt ýer bölekleri bölünip berler.

 

Çempionlar ligasy: Mbappe “Bawariýany” ýeňdi

 

 

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi