SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Özbegistanda agyz-burun örtük dakynmak talaby ýatyrylýar

Özbegistanyň koronawirusa garşy göreşmek boýunça Respublikan topary 1-nji martdan ýurtda agyz-burun örtügini dakynmak talabyny ýatyrmak babatda çözgüt kabul etdi. Ýöne jemgyýetçilik ýerlerinde örtük dakynmak maslahat berilýär. Bu barada “TASS” habarlar gullugy Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanyp habar berýär.

– Ýurduň Premýer-ministri Abdulla Aripowyň ýolbaşçylygynda koronawirusa garşy göreşmek boýunça Respublikan toparynyň ýygnagy geçirildi. Şol ýygnakda agyz-burun örtügini dakynmak talaby ýatyryldy, ýöne jemgyýetçilik ýerlerinde örtük dakynmak maslahat berildi – diýlip, ministrligiň beýanatynda bellenilýär.

Şeýle hem beýanatda bellenilip geçilişi ýaly, 2020-nji ýylyň martynda girizilen hökmany örtük dakynmak çözgüdi ýurtdaky epidemiologik ýagdaýyň gowulanmagy sebäpli ýatyryldy, ýöne ýagdaý erbetleşen halatynda täzeden kabul edilip bilner.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň aprelinde Özbegistanda ilata köpçülikleýin sanjym etmäge girişildi. Munuň üçin Russiýada öndürilen “Sputnik V” sanjymy, “AstraZeneca” britan-şwed kompaniýasynyň ygtyýarnamasy esasynda Hindistanda öndürilen sanjym, Hytaýyň “Anhui Zhifei Longcom Biopharmaceutical” sanjymy hem-de Amerikanyň “Moderna” we “Pfizer” sanjymlary ulanyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy