BIZNES

Özbegistan we Gazagystan täze demir ýol bilen birikdiriler

Özbegistan we Gazagystan täze demir ýol bilen birikdiriler, 2027-nji ýylda işe girizilmegi göz öňünde tutulan bu taslama eksport gatnawynyň mukdaryny artdyrar.

Halkara habar gullugy “Kazinformyň” habaryna görä, täze demir ýol liniýasynyň gurulmagy, bar bolan Sarýagaş – Daşkent bölüminden ýükleri täze ugra gönükdirmäge, Sarýagaş stansiýasynda ýükleri düşürmäge we Özbegistana eksport gatnawyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Demir ýol gurlanda ýerli öndürijilerden materiallary ulanmak meýilleşdirilýär. Gurluşyk döwründe 3400 wagtlaýyn iş we 500-den gowrak hemişelik iş ýerleri dörediler.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy