DÜNÝÄ

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi

Özbegistanyň Hökümeti Türkmenistanyň üsti bilen Eýran halkyna ynsanperwer kömegini iberdi. Ýükler birnäçe ýük awtoulagy arkaly Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilip eltildi diýip, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Ynsanperwer kömeginiň düzüminde un, tüwi, gant, makaron önümleri, ösümlik ýagy, konserwirlenen iýmitler ýaly azyk önümleri, şeýle hem dermanlar we lukmançylyk serişdeleri bar. Ynsanperwer ýüki ýük awtoulaglary bilen Eýranyň Deregez şäherine ýetirildi we ony ýerli häkimiýetler garşylady.

Ynsanperwer ýüki kabul etmek dabarasyna Deregez şäheriniň häkimi Mojtaba Bazmara, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Horasan-Rezawi welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, ministriň geňeşçisi Ali Masumifar, şeýle hem Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani hem-de Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow gatnaşdy.

Eýran tarapy berlen goldaw üçin Özbegistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň iki ýurduň arasyndaky dostluk, raýdaşlyk we özara goldaw däpleriniň aýdyň beýanydygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Wengriýada Orban döwri tamamlandy: täze Premýer-ministr Peter Madýar boldy

Antalýada Türki döwletleriniň guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy