Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
Telefon söhbetdeşliginiň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-biregi Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Esasan hem geçen ýyllaryň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanmak bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň depginli ösüşe eýe bolandygy we häzirki wagtda strategiki hyzmatdaşlygyň iň ýokary derejesine ýetendigi bellenildi.
Şu şanly senä gabatlap, däp bolan ýakyn doganlyk gatnaşyklaryň we birek-birege hormat goýmagyň nyşany hökmünde dostlukly kömek alyş-çalşygy amala aşyryldy – Türkmenistandan kesgitlenen möçberde suwuklandyrylan gaz ýerlendi, öz gezeginde Özbegistandan häzirki zaman “Tiz kömek” awtoulaglary iberildi.
Mundan başga-da, iki ýurduň paýtagtlarynda halk köpçüliginiň, milli diasporalaryň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda dabaraly çäreler we konsertler geçirildi.
Haryt dolanyşygynyň artýandygyny we Şawat-Daşoguz serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça bilelikdäki işiň başlandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Ulag, energetika, senagat, oba hojalygy we beýleki pudaklarda möhüm hyzmatdaşlyk taslamalary durmuşa geçirilýär.
Bilim, medeni we ynsanperwer alyş-çalyş maksatnamalary Özbegistan we Türkmenistan sebitleriniň arasynda işjeň durmuşa geçirilýär.
Özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak we sebit ähmiýetli strategiki taslamalary bilelikde öňe sürmek üçin mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Şeýle hem taraplar häzirki halkara gün tertibine degişli meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Liderine diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny hem iberdi.
