BIZNES

Özbegistan Russiýadan tebigy gaz satyn alar

Özbegistan bilen Russiýanyň arasynda 2 ýyl üçin tebigy gaz satyn almak babatda ylalaşyk gazanyldy. Şoňa laýyklykda, her ýyl 2,8 milliard kubmetr tebigy gazy satyn almak göz öňünde tutulýar. Bu barada Özbegistanyň Energetika ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

– 2 ýyl möhlet bilen tebigy gaz satmak we satyn almak hakyndaky şertnama “Uzgastreýd” bilen “Gazprom eksport” kompaniýalarynyň arasynda baglaşyldy – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Bu resminama Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow bilen “Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller gol çekdiler. Ýyllyk mukdary 2 milliard 800 million kubmetr tebigy gaza deňdir.

Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen halkara ykdysady forumyň çäklerinde rus gazyny Özbegistana ibermek hem-de bu tebigy gazy almak üçin gaz geçiriji ulgamy taýýarlamak boýunça “ýol kartasyna” gol çekilipdi.

Bu şertnamanyň täjirçilik şertlerinde Özbegistanyň her ýyl artýan sarp ediş möçberini belli bir möçberde kanagatlandyrmak hem-de güýz-gyş möwsüminde tebigy gaz tebigy gazyň sarp edilmegini bökdençsiz amala aşyrmak maksady taýýarlanandygy bellenildi.

Bu ylalaşygyň çäklerinde şu ýylyň 1-nji oktýabryndan bir gije-gündiziň dowamynda 9 million kubmetr tebigy gazyň eksport edilip başlanmagy göz öňünde tutulýar.

Related posts

«Garabogazkarbamid» zawodynyň önümlerine daşary ýurtlardan uly isleg bildirilýär

SOCAR ýurdymyzda alnyp barylýan işlere üstünlik arzuw edýär

vepa

Aşgabat-Tähran söwda merkezi döretmek teklip edilýär

Leave a Comment