BIZNES

Özbegistan Owganystanda gaz känini özleşdirer

Özbegistan bilen Owganystanyň hökümeti “Tuti-Maýdan” gaz känini özleşdirmek işlerine badalga berdiler. Taslamany amala aşyrmak boýunça Özbegistanyň “Eriell KAM” kompaniýasy bilen 25 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

Owganystanda özbegistanly kompaniýanyň gatnaşmagynda gaz känini özleşdirmek işleri başlandy. Bu barada Owganystanyň Premýer-ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar Ahundyň metbugat gullugy habar berdi.

Owganystanyň demirgazygyndaky Jowzjan we Faryap welaýatlarynda ýerleşýän Tuti-Maýdan känlerinde tebigy gazy gözlemek hem-de öndürmek taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk ediler. Balh welaýatynda gaz känini özleşdirmäge girişmek işlerine bagyşlanan dabara Owganystanyň Premýer-ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar, Özbegistanyň energetika ministriniň birinji orunbasary Bahtiýar Mamatkarimow, «Özbekneftegaz» kompaniýasynyň başlygy Bahodyrjon Sidikow, Özbegistanyň Prezidentiniň Owganystan boýunça  ýörite wekili Ismatulla Irgaşew we beýlekiler gatnaşdylar.

Baradar şeýle giň göwrümli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Owganystanyň maýa goýumlaryna taýýardygyny görkezýändigini belledi.

«Bu taslamanyň netijesinde ýurduň gaza we elektrik energiýasyna daşary ýurtlardan bolan garaşlylygy azalýar, daşary ýurt pulunyň çykmagy azalar, wagt geçmegi bilen bolsa, gazyň daşary ýurtlara eksportynyň binýady goýlar» — diýip, ol aýtdy.

Dag-magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hidaýatulla Badri  Owganystan bilen Özbegistanyň arasyndaky soňky ylalaşyklaryň iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de güýçlenmegine ýardam berýändigini belledi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi geçiriler

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi