DÜNÝÄ

Özbegistan “Oskara” dalaş edýär

Özbegistanyň Oskar komiteti tarapyndan Ýolkin Tuýçiýewiň “Faridanyň 2 müň aýdymy” atly filmi “Iň gowy halkara çeper film” ugry boýunça “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezildi. Bu barada “Özbekkino” milli agentliginiň maglumat gullugy habar berýär.

93-nji “Oskar” baýragyna mynasyp bolan ýeňijileri sylaglamak dabarasy 2021-nji ýylyň 25-nji aprelinde ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherindäki meşhur “Dolby” teatrynda geçiriler. Deslapky baha bermelerine görä, baş baýragy Sem Medensiň “1917” atly filminiň almagyna garaşylýar. Häzirki wagtda kino dünýäsiniň iň uly baýragyny iň köp ugur boýunça gazanan film “Jokerdir”. Ol 11 ugur boýunça bu baýraga mynasyp boldy.

Ýolkin Tuýçiýewiň “Faridanyň 2 müň aýdymy” atly filmi Iň gowy halkara çeper film” ugry boýunça bu baýraga hödürlendi. Bu film “Özbekkino” milli agentliginiň buýurmasy boýunça “Fox Music Cinema” kompaniýasy tarapyndan surata düşürildi.

Filmde Bahrom Matçonow, Ýulduz Rajabowa, Elmira Rahimjonowa, Marjon Uljaýewa, Sanobar Haknazarowa, Hodira Hojikulowa we beýlekiler surata düşdiler.

Özbegistanyň Oskar komiteti “Özbekkino” milli agentligi, Yaşlar guramasy we Özbegistanyň Milli film komissiýasynyň başlangyjy bilen 2019-njy ýylda döredildi.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Tramp: Si Szinpin 2026-njy ýylda ABŞ-a döwlet sapary bilen geler

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky agrosenagat haryt dolanyşygy 37% ýokarlandy

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy

Hindistanyň meşhur aktýory Dharmendra aradan çykdy