SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Özbegistan Germaniýa hünär kämilleşdirmek üçin 800 şepagat uýasy iberer

Mälim bolşy ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols Özbegistanda resmi saparda boldy. Bu saparyň çäklerinde Özbegistan bilen Germaniýanyň arasynda demirýol we awtobus sürüjilerini, şeýle hem şepagat uýalaryny taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyga gol çekildi.

Özbegistanyň iş üpjünçiligi ministri Behzod Musaýewiň bellemegine görä, Germaniýanyň lukmançylyk we ulag ulgamy zähmet serişdelerine zerurlyk duýýan döwründe Özbegistan tarapyndan isleg bildirýänler üçin nemes dili öwrediji dil dersleri guralar. Synagy üstünlikli tabşyran hünärmenler Germaniýa iberiler.

– Biz “Deutsche Bahn” kompaniýasy bilen awtobus we demirýol ulaglary üçin sürüjileri, “Globogate” kompaniýasy bilen şepagat uýalaryny taýýarlamak boýunça ylalaşdyk – diýip, ministr belledi.

Onuň bellemegine görä, şu ýyl 800-den gowrak şepagat uýalary Germaiýa iberiler, olaryň aýlyk zähmet haky 2200 ýewro deň bolar.

Şeýle hem özbek hünärmenlerine Germaniýanyň ulag we lukmançylyk pudaklarynda, şeýle hem maşyngurluşyk we ýokary tehnologiýalar boýunça bilimini kämilleşdirmäge ähli mümkinçilikler dörediler.

– Bu ylalaşyk taryhy ähmiýete eýedir. Germaniýa bilen Hindistan şeýle şertnama gol çekmek üçin onuň üstünde 6 ýyl iş alyp baran bolsa, Germaniýa bilen Özbegistan arasynda bu resminama bir ýylyň dowamynda taýýar edildi. Bu ylalaşyk bir ýa-da 3 ýyl däl, eýsem 10-30 ýyly öz içine alýar – diýip, özbek ministri belledi.

Şertnamanyň çäklerinde wiza ýagdaýlaryny ýeňilleşdirmek, şeýle hem Germaniýada iş berijileri bilen şeýle şertnamalar baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: halkara howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi